Soňky habarlar

Arhiw

Tatarystanyň saglygy goraýyş ministri Sadykow aradan çykdy

11:1430.01.2023
0
20511
Tatarystanyň saglygy goraýyş ministri Sadykow aradan çykdy
Surat: m.business-gazeta.ru

Düýn, 29-njy ýanwarda Tatarystanyň saglygy goraýyş ministri Marat Sadykow aradan çykdy, ol 53 ýaşyndady diýip, «Interfax.ru» habarlar gullugy Respublikanyň Saglygy goraýyş ministrligine salgylanyp habar berdi.

Habarda Sadykowyň ýolbaşçylyk eden döwründe Tatarystanyň saglygy goraýyş ulgamynyň güýçli ösendigi bellenýär. Birgiden milli maksatnamalar amala aşyryldy, ýürek-damar keselleri netijesinde ölümiň derejesi peseldi, birgiden saglygy goraýyş merkezleri guruldy.

Sadykow 1970-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda doguldy, Kazanyň lukmançylyk institutyny pediatriýa ugry boýunça tamamlady. Lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, Tatarystan Respublikasynyň at gazanan lukmany. Birgiden döwlet sylaglaryna mynasyp boldy.

Merhumy şu gün— 30-njy ýanwarda soňky ýoluna ugratmak çäresi bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň