Top.Mail.Ru

Kodzi Sato 1-nji aprelden «Toyota» kompaniýasyna ýolbaşçy bellener

09:5428.01.2023
0
27201
Kodzi Sato 1-nji aprelden «Toyota»  kompaniýasyna ýolbaşçy bellener
Surat: acura-suv.ru

Öňdebaryjy ýapon awtoulag öndürijisi bolan «Toyota Motor Corp.» kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktorlygyna Kodzi Sato bellener, ol 1-nji aprelden işe başlar diýip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar.

Häzirki wagtda Sato kompaniýada işewürlik direktorynyň hem-de «Lexus» lýuks brendiniň prezidenti bolup işleýär. 53 ýaşly işewür «Toyotada» 1992-nji ýyldan bäri işläp gelýär.

1-nji aprelden kompaniýanyň häzirki baş ýerine ýetiriji direktory Akio Toýeda direktorlar geňeşiniň başlyklygyny eýelär, häzir bu wezipede işleýän Takesi Utiýamada geňeşiň agzalygyna geçiriler.

«Toyota» kompaniýasynyň paýnamalary düýn 0,6 göterim arzanlady, soňky 12 aýda awtoulag önüdirijiniň kapitallaşdyrylmasy 12,5 göterim, ýagny 26,48 trillion iýene (204,4 mlrd dollar) çenli arzanlady. 2021-nji ýylda kompaniýa öndüren ulaglarynyň sany boýunça «Volkswagen» kompaniýasyndan öňe saýlanyp, dünýäde ilkinji orna çykypdy. Bu barada «Interfax.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň