Türkmenistanda 2023-nji ýylyň futbol möwsümi ara alnyp maslahatlaşyldy

09:3228.01.2023
0
25460

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy ýurduň klublarynyň ýolbaşçylaryny ýygnap, olar bilen 2023-nji ýylyň möwsümi barada pikir alyşdy. Ýygnanyşyk 26-njy ýanwarda federasiýanyň mejlisler zalynda geçirildi ― diýip, onuň resmi saýty habar berýär.

Ýygnanyşygyň dowamynda futbol boýunça Türkmenistanyň milli we ýaşlar (U23) ýygyndylarynyň öňümizdäki möwsümde geçirjek resmi saýlama oýunlary, oňa taýýarlygyň çäklerinde geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryň hem-de ýoldaşlyk duşuşyklarynyň meýilnamalary boýunça maslahat geçirildi.

Bilşimiz ýaly, ýurduň ýaşlar ýygyndysynyň (U23) Aziýa Kubogy – 2024-iň saýlama tapgyryna gatnaşmagyna garaşylýar. Yklym ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň oýunlary şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriler. Milli ýygyndy bolsa 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrlarynyň duşuşyklaryna gatnaşar. Saýlama tapgyrlarynyň duşuşyklarynyň şu ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda geçirilýändigini ýatladýarys.

Onuň dowamynda geçen möwsümiň jemleri jemlenildi, şeýle-de, Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2023-iň, ýurdumyzyň Kubogy bilen Naýbaşy Kubogynyň geçiriliş tertibidir wagtlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de, toparlaryň Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň klublaryň arasynda geçirýän ýaryşlarynda çykyş etmäge mümkinçilik berýän ygtyýarlandyrmany wagtynda geçmegi barada hem durlup geçildi. Toparlaryň wekilleri CLAS (Club Licensing Administration System) ulgamynyň talaplary we standartlary barada düşündiriş aldylar. Bilşiňiz ýaly, şu möwsümde AFK-nyň Çempionlar ligasy bilen AFK-nyň Kubogynda Türkmenistana wekilçilik etjek toparlar çykyş etjek ýaryşlarynyň talaplaryny ygtyýarlandyrma arkaly doly geçmekleri hökmany bolup durýar.

Ýeri gelende bellesek, şu möwsümde Türkmenistanyň çempiony «Ahal» AFK-nyň Çempionlar ligasynda, çempionaty ikinji, üçünji hatarlarda tamamlan «Altyn asyr» bilen «Merw» toparlary bolsa AFK-nyň Kubogynda çykyş ederler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň