Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistan Türkmenistandan nebit satyn almagy meýilleşdirýär

16:5825.01.2023
0
62512

Özbegistan Türkmenistandan nebit satyn almagy meýilleşdirýär. Bu barada «Uzbekneftgaz» kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

«Uzbekneftgaz» kompaniýasy Buharadaky nebiti gaýtadan işleýän zawody çig mal bilen üpjün etmek üçin şu ýylda Hazaryň türkmen kenarynda nebiti gazyp almak bilen meşgullanýan «PETRONAS Çarigali» türkmen kompaniýasyndan nebit satyn almagy meýilleşdirýär.

Habarda bellenilişine görä, «PETRONAS Çarigali» kompaniýasynyň wekiliýetiniň Daşkent şäherine amala aşyran saparynyň çäginde «Uzbekneftgaz» kompaniýasynyň ýolbaşçy düzümi bilen geçirilen gepleşiklerde taraplar türkmen nebitini Özbegistana ugratmak boýunça mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň