Soňky habarlar

Arhiw

«Ahal» Altymyrat Annadurdyýewi düzümine goşdy

13:0025.01.2023
0
54702

Şu ýyl AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky çykyşyny geçen ýyldakydan güýçlendirmek isleýän «Ahal» futbol topary milli ýaryşlardaky iň güýçli garşydaşy «Altyn asyryň» hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew bilen düzümini güýçlendirdi.

Biz ozal Altymyradyň «Altyn asyr» bilen hoşlaşandygyny habar beripdik. Resmi bolmadyk maglumatlara görä, hüjümçi öňümizdäki möwsümde «Ahalyň» üstünlikleri üçin göreşer.

Altymyrat Annadurdyýew uly futbola «Ahalda» gelipdi. Häzir topara ýolbaşçylyk edýän Guwançmuhammet Öwekow ony uly futbola getiren ilkinji tälimçidir. «Ahalda» ýyldyzy parlan Altymyrat bir möwsümden soňra «Altyn asyra» geçdi.

Altymyrat Annadurdyýew häzirki wagtda AFK-nyň kubogynda iň kän pökgi geçiren türkmenistanly futbolçynyň rekordyny özünde saklaýar. 2023 ― 2024-nji ýyllaryň möwsüminde bolsa ol bu üstünligini yklymyň birinji derejeli klublaýyn ýaryşynda dowam etdirmäge synanyşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň