Häzirki wagtda taraplaryň ähli mümkinçiliklerini we gyzyklanmalaryny göz öňünde tutmak bilen, türkmen-rus uniwersitetini gurmak baradaky hökümetara şertnamanyň teksti boýunça işler alnyp barylýar.
Bu barada Russiýanyň ylym we ýokary bilim ministriniň orunbasary Konstantin Mogilewskiý aýtdy diýlip, «Голос СНГ» onlaýn radiosynda habar berildi.
Türkmen-Rus işewürlik duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň Türkmenistana bolan döwlet saparynyň çäginde Aşgabatda Türkmenistanyň bilim ministri Gurbangül Ataýewa Russiýa Federasiýasynyň Ylym we bilim ministrliginiň wekiliýetiniň wekilleri bilen duşuşdy.
K.Mogilewskiniň aýtmagyna görä, wekiliýetiň düzümine Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti hem girdi. Şeýle hem ol möhüm we çynlakaý meseleleriň biriniň Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putiniň bilelikdäki uniwersitet döretmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmekdigini aýtdy.
«Häzirki wagtda hökümetara şertnamanyň teksti boýunça işler alnyp barylýar. Hiç hili säwlik goýbermezlik üçin taraplaryň ähli mümkinçiliklerini we gyzyklanmalaryny göz öňünde tutmaly. Häzirki wagtda orta mekdeplerde okaýan okuwçylar birnäçe ýyldan bu uniwersitete girmek mümkinçiligine eýe bolarlar diýip umyt edýärin» diýip, Russiýanyň ylym we ýokary bilim ministriniň orunbasary aýtdy.
Mogilewskiý häzirki wagtda Russiýada 30 müň töweregi türkmenistanly talybyň okaýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu ýaşlar Türkmenistana gaýdyp gelensoňlar, ýurtlaryň arasyndaky baglanyşygyň bir bölegi bolýarlar.
Ozal habar berlişi ýaly 2023-nji ýylda türkmen-rus uniwersitetiniň düýbi tutulyp bilner.