Serdar Berdimuhamedow sungat ussatlarynyň konsertine tomaşa etdi

22:3421.01.2023
0
26984

21-nji ýanwar güni agşam Aşgabatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli sungat ussatlarynyň dabaraly konserti boldy. Oňa Prezident Serdar Berdimuhamedow hormatly tomaşaçy hökmünde gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanyny garşylan Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, halk häkimiýetiniň bu ýokary wekilçilikli edarasynyň Başlygy wezipesine türkmen halkynyň Arkadagy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bellenilmegi hem-de onuň «Türkmen halkynyň Milli Lideri» diýlip, kanuny esasda ykrar edilmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, öňe sürülýän teklipleriň giňden goldaw tapmagynyň türkmen halkynyň Arkadagy Gurbanguly Berdimuhamedowyň asylly işleriniň üstünliklere beslenýändiginiň subutnamasydygyny belledi.

Soňra bu ýerde ýurduň durmuşyndaky taryhy ähmiýetli waka mynasybetli guralan dabaralar baýramçylyk konserti bilen dowam etdirildi. Sungat ussatlary joşgunly çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, türkmen halkynyň bagtyýar we abadan durmuşyny wasp etdiler.

«Öňe barýas Arkadagly Serdar bilen!» atly şygara beslenen konsertde ýaňlanan aýdymlar joşgunly tanslar bilen utgaşdy. Bu ýerde meşhur sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazlar joşgunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Türkmenistanyň Gahrymany Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine döredilen «Ýaşasyn parahat durmuş!», «Bagt nury», «Dowam bolsun!» ýaly aýdymlary tomaşaçylar ör turup, dowamly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Konsertde milli medeniýetiň dürli ugurlaryny beýan edýän köpöwüşginli çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Onuň maksatnamasyna milli saz sungatynyň ajaýyp nusgalary, nusgawy we häzirki zaman eserler, aýdymdyr tanslar girizildi. Türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny açyp görkezýän folklor çykyşlary, şeýle-de «Görogly» eposy, «Zöhre-Tahyr» dessany esasynda taýýarlanan çykyşlar nesilleriň dowamatlylygyny alamatlandyrdy.

Konsert sungat ussatlarynyň bilelikde ýerine ýetirmeginde, Türkmenistanyň Gahrymany, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine döredilen «Dowam bolsun!» atly aýdym bilen jemlendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň