Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Si Szinpini Hytaýyň Täze ýyly bilen gutlady

11:3422.01.2023
0
54448

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýana, Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Li Çžanşuwa hem-de ýurduň ähli dostlukly halkyna Hytaý Täze ýyly — Bahar baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Bu baýram Aý senenamasy boýunça Täze ýyl baýramy bolmak bilen, tebigatyň janlanmagyny, täze başlangyçlary we mümkinçilikleri alamatlandyrýar. Kökleri taryhyň jümmüşine uzaýan bu baýram hiç wagt ähmiýetini ýitirmejek umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemleýär, maşgala agzybirligine, asuda we sazlaşykly ýaşaýşa ýardam berýär.

Biz Hytaý Halk Respublikasy bilen özara hormat goýmak, ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara ýokary baha berýäris. Häzirki wagtda türkmen-hytaý döwletara hyzmatdaşlygy strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýedir. Biz bar bolan uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmek arkaly iki ýurduň halklarynyň bähbidine Hytaý Halk Respublikasy bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge ygrarlydyrys» diýlip, «Türkmenistan» gazetinde berlen gutlagda bellenilýär.

Şeýle hem gutlagda, Serdar Berdimuhamedow Hytaýa amala aşyran ilkinji döwlet saparyny aýratyn ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belleýär: «Geçirilen duşuşyklaryň dowamynda biz açyk we ynanyşykly gepleşikleri geçirdik, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdyk, ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin anyk maksatlary kesgitledik. Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan güni — 6-njy ýanwarda geçirilen ýokary derejedäki duşuşykda syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen täze döwletara ylalaşyklaryň uly toplumyna gol çekildi. Munuň özi däp bolan dostlukly gatnaşyklary we ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak ugrunda ýene-de bir möhüm ädim boldy».

Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda umumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga Türkmenistanyň berk ygrarlydygyny aýratyn belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň