Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Lukaşenko: «Minsk bilen Aşgabadyň arasyndaky özara gatnaşyk tejribesi mundan beýläkki hyzmatdaşlyk üçin esas bolar»

12:4721.01.2023
0
57492

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko türkmen kärdeşi Serdar Berdimuhamedowy döwletleriň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

Belarusyň lideri Minsk bilen Aşgabatyň arasyndaky özara gatnaşyk tejribesiniň mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň esasyna öwrüljekdigini aýtdy.

«Sowet Soýuzy bes edilenden soňra, umumy taryhymyza esaslanyp, biziň ýurtlarymyza dostlukly gatnaşyklary saklamak bilen birlikde, ençeme pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygy, täze gatnaşyklary ýola goýmak başartdy. Minsk bilen Aşgabadyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýylyň dowamynda toplanan oňyn tejribesiniň Belarus Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde-de üstünlikli ösdürilmegi üçin esas boljakdygyna ynanýaryn.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, Türkmenistanyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işleriňizde egsilmez güýç-kuwwat, türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw edýärin!» diýlip, Aleksandr Lukaşenkonyň Gutlagynda bellenilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň 1993-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda ýola goýlandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň