Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan YHG-niň daşary işler ministrleriniň Daşkentde geçiriljek mejlisine gatnaşar

11:0414.01.2023
0
29248
Türkmenistan YHG-niň daşary işler ministrleriniň Daşkentde geçiriljek mejlisine gatnaşar
Surat: gazeta.uz

23-24-nji ýanwarda Daşkentde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçiriler. Mejlise gurama agza ýurtlar bilen bir hatarda Türkmenistan hem gatnaşar.

Özbegistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklygynyň çäginde geçirilýän bu çärä Gurama agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetleri, şeýle hem YHG-niň Baş sekretary Husraw Noziri gatnaşar.

Ýatlap geçsek, geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri bilen wideokonferensiýa arkaly duşuşyk geçiripdi. 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda bolsa Aşgabatda Türkmenistanyň baştutanlygynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ýolbaşçylarynyň 15-nji sammiti ýokary derejede geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň