Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygyna berk käýinç berildi

22:2013.01.2023
0
37538

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Amanow Batyr Amangeldiýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň