Slowakiýanyň Hökümeti Wiktor Boreskini Özbegistandaky täze ilçisi hökmünde wezipä belledi. Şol bir wagtyň özünde diplomat Türkmenistanda we Täjigistanda hem ilçi hökmünde hasaba alnar. Prezident Zuzana Kaputowa 10-njy ýanwarda Bratislawadaky Prezident köşgünde ilçä şahsyýetnamasyny gowşurdy diýip, «nCa» habar berýär.
1965-nji ýylda doglan Wiktor Boreskiý 1989-njy ýylda Slowakiýanyň Nitra şäherindäki Oba hojalyk uniwersitetini tamamlaýar. 1994-nji ýylda «Oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty» derejesi üçin ylmy işini goraýar.
Ilkibaşda ol Slowakiýanyň Oba hojalygy ministrliginde zähmet çekdi. 1996-njy ýylda diplomatik gullukda işledi, 2000 — 2002-nji ýyllarda ýene-de Oba hojalygy ministrligine gaýdyp geldi. Ol 2002-nji ýylda diplomatik gulluga dolanyp, Riga, Gazagystan hem-de Bosniýa we Gersegowinanyň ilçihanalarynda işledi. Ol bu döwürlerde, esasan, ykdysady meselelere seretdi.