«Ms studio» baý hyýaly dünýäsi bolan döredijilikli pikirlenýän ýaşlary gyzykly we özboluşly ideýalary durmuşa geçirmek taslamasyna gatnaşmaga çagyrýar.
«Ms studio-nyň» taslamasy mugt fotosynaglaryň toplumyndan ybaratdyr, olarda öňe sürülýän ideýanyň döredijilik tarapy we täzeçilligi esasy şert bolup durýar.
Surata düşüriş işleri sargyt edýäniň, şeýle hem fotostudiýanyň isleglerine baglylykda, islendik nokatda geçirilip bilner. Ideýanyň awtory öz saýlan 10 sany suratyny mugt alyp biler. Teklip bütin ýylyň dowamynda hereket edýär.
«Ms studio» täze ýylda fotomaglumatlary bermegiň usullary bilen synag geçirmegi hem-de gyzykly, adaty bolmadyk we döredijilik ideýalaryny gözden geçirmegi maksat edinýär.
Studiýanyň salgysy: Aşgabat, Bitarap Türkmenistan köç., «Joşgun» söwda merkezi. Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 65) 80 68 85, 72 69 72, (+993 12) 21 82 84. Elektron poçta: sergei.mirzoev2791@gmail.com.