«AkDag» kärhanasy howly örtüklerini, tentleri, awtomatik derwezeleri hem-de şlagbaumlary, rulon derwezeleri, besedkalary we pergollary, şeýle-de gilýotin aýna örtüklerini ýasamak we gurnamak babatda Türkmenistanda öňdebaryjy kärhanalaryň biridir. Ol Türkiýäniň «Asaş» hem-de «Tenteks» kompaniýalarynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory bolmak bilen, eýýäm 10 ýyldan gowrak wagt bäri ýurtda bu hili önümlere bolan islegleri kanagatlandyryp gelýär.

Geçen 2022-nji ýyl hem «AkDag» kärhanasy üçin öndürijilikli ýyllaryň biri boldy. Statistik magumatlaryň görkezişi ýaly, «AkDag» kärhanasynyň satuwlarynyň 32,3% ýokarlanmagy bilen müşderileriniň sany hem artdy.


Geçen ýylyň dowamynda «AkDag» Türkmenistanyň hususy kärhanalarynda dürli hili gurluşly 1853 sany penjire we 480 sany derweze taýýarlap gurnady, 46 sany hususy jaýlarda gilýotin aýna gurnama işlerini ýerine ýetirip, 37 sany pergola gurnady.

180-den gowrak markizler we tentler Türkmenistanyň dürli maksatly edaralaryna üpjün edildi. Kärhananyň müşderileriniň hatarynda Aşgabatdaky «Soltan» (terrasa bezegleri), «Limon», «Rahat», «Altyn Paradise Garden», «Berkarar» SDAM-daky «Mandarin» we «Chocolate» ýaly kafelerdir dükanlar bar.
Kärhananyň salgylary:
- Telefony: (+993 65) 71 30 55, (+993 65) 71 30 66;
- Serwis: (+993 65) 69 11 53;
- Elektron poçta salgysy: info@akdagtm.com, akdagtm@gmail.com, akdag.com.tm;
- Ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Gurbansoltan köçesi, 19-njy jaý (Gurtly, 43-nji jaý);
- Sosial media ulgamyndaky hasaby.

