2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda ozal kabul edilen kanunlaryň birnäçesi herekete giriziler. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň «Turkmenportala» habar berişi ýaly, olar, hususan-da şu aşakdakylardan ybarat.
2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyň rejelenen görnüşi güýje girer.
Anyk bir kada salgylanalyň, rejelenen Kanunyň 32-nji maddasynda bilim edarasyny tamamlan, ýaňy işe kabul edilen ýaş hünärmenleriň girdeji salgydyny zähmet döwrüniň birinji ýylynda bellenilen kadasyndan 50 göterim, ikinji we üçünji ýylynda 25 göterim ýeňillikli tölemegiň tertibini Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna laýyklykda kesgitlemek göz öňünde tutulýar. Ýa-da ýaşlaryň bilim çygryndaky döwlet goldawynyň hatarynda ýaşlarda okuwyň üznüksizligini gazanmak we olary hünäre ugrukdyrmak maksady bilen, umumybilim edaralaryny tamamlan ýaş oglanlaryň ýokary hünär we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmagy üçin, bir gezek mümkinçilik döretmek şerti bilen, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda harby gulluga çagyryş möhleti wagtlaýyn yza süýşürmäge mümkinçilikler dörär.
Şu ýylyň 20-nji noýabrynda «Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.
Halkara hukugynyň kadalaryndan we öňdebaryjy tejribelerden ugur alnyp, bu Kanunda hususy notariuslaryň işi ýagny, olary döretmegiň, ygtyýarnamasynyň hereketini togtatmagyň, ýatyrmagyň we bes etmeginiň tertibi berkidilýär. Hususy notariuslaryň işi täze institut bolup, Kanunyň 20-nji maddasynda ýokary hukuk bilimi, hukuk hünäri boýunça azyndan 2 ýyl üznüksiz iş döwri bolan, notariusda alty aýyň dowamynda tälim alan we hünär synagyny geçen Türkmenistanyň raýaty hususy notarius bolup bilýändigi kesgitlenilýär. Hususy notariusyň notarial işini amala aşyrmak üçin Notarial işi amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnamasy bolmaly. Onuň tertibi barada üçünji bapda giňişleýin beýan edilýär. Hususy notariusyň işi hünärmenlik hyzmaty bolmak bilen, notariusyň ygtyýarnamasy möhletsiz berilip, ol hususy notariusa notarial hereketlerini amala aşyrmaga hukuk berýän ýörite rugsatnamadyr.
Hususy notariuslar tarapyndan amala aşyrylan notarial hereketler üçin, notarial hereketler bilen bagly hukuk maslahatlarynyň berlendigi, resminamalardan göçürmeleriň taýýarlanandygy, beýleki hukuk we tehniki hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegler alynýar. Alnan töleg her bir notarial taýdan tassyklanan resminamada görkezilýär.
Şol sanawdan şu ýylyň 17-nji aprelinde kabul edilen «Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hem-de ony rejelenen görnüşde tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny jemgyýet we döwlet üçin görnetin howp döretmeýän hukuk bozulmalary jenaýat jogapkärçiligine çekilýän diýlip görkezilen birnäçe etmişleriň arasyndan aýryp, olary administratiw hukuk bozulmalarynyň hataryna geçirmek, häzirki zaman şertlerinde hukuk tertibini we kanunylygy üpjün etmek boýunça meseleler demokratik jemgyýeti ygtybarly ösdürmegiň hökmany şerti bolup durýandygy nukdaýnazaryndan «Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hem-de ony rejelenen görnüşde tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigini görkezmek bolar.
Şeýlelikde, Kodeksiň 2801-nji (Ýaramaz hilli gurluşyk), 282-nji (Ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň bozulmagy), 325-nji maddasynyň ikinji bölegindäki (Demir ýol, suw ýa-da howa gatnaw ulaglarynyň hereketiniň we ony ulanmagyň howpsuzlygynyň düzgünleriniň bozulmagy), 327-nji maddasynyň ikinji bölegindäki (Ulag serişdeleriniň ýaramaz hilli bejerilişi we olaryň tehniki taýdan näsaz ýagdaýda ulanylmaga goýberilmegi), 328-nji maddasynyň ikinji bölegindäki (Ulag serişdeleriniň ýa-da gatnaw ýollarynyň ýaramaz hala getirilmegi), 330-njy maddasynyň ikinji bölegindäki (Magistral turbageçirijiler gurlanda, ulanylanda ýa-da bejeriş işleri geçirilende howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmagy), 249-njy (Görnetin galp mahabat) we beýleki birnäçe maddalarynda jenaýat jogapkärçilik göz öňünde tutulan etmişleriň jemgyýet we döwlet üçin görnetin howp döretmeýän hukuk bozulmalar üçin Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksinde jogapkärçilik bellemek göz öňünde tutulýar.