Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Putin: — GDA-nyň çäklerinde söwda dolanyşygy 100 milliard dollara ýeter

19:3126.12.2022
0
34678
Putin: — GDA-nyň çäklerinde söwda dolanyşygy 100 milliard dollara ýeter
Surat: ria.ru

Ozal habar berişimiz ýaly, şu gün Sankt-Peterburg şäherinde GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň däp boýunça her ýylda geçirilýän resmi däl sammiti geçirilýär. Sammite Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşýar.

Rus Lideriniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, resmi däl sammitde Prezident Wladimir Putin Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasynda ýola goýlan köp ugurly strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada öz pikirlerini beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, Prezident Wladimir Putin:

— Geçen ýylda döwletlerimiziň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürildi. Bu bolsa GDA-nyň ähli ýurtlary bilen biziň — Russiýanyň arasyndaky söwdanyň yzygiderli ösýändigini nobatdaky gezek tassyklaýar. Söwda dolanşygy şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda 6,6 göterim ýokarlanyp, 81,5 milliard dollara ýetdi. Bu görkeziji ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygynyň şu ýylyň ahyryna çenli 100 milliard dollara ýeter diýip aýtmaga esas döredýär...

Sammitde eden çykyşynda rus Lideri 2023-nji ýylyň Arkalaşygyň ýurtlarynda rus dili ýylyny geçirmek baradaky öňe sürlen başlangyjyň biragyzdan goldanylandygy üçin, döwlet Baştutanlaryna öz hoşallygyny bildirip, şeýle diýdi:

— Milletara aragatnaşyk dili hökmünde diliň hukuk ýagdaýyny goldamak, ony gorap saklamak we ýokarlandyrmak, medeniýet ulgamynda gazanan üstünliklerimizi ösdürmek üçin geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň meýilnamasy işlenip düzüldi. Şeýle çäreleriň geçirilmegi GDA döwletleriniň ruhy we medeni taýdan ýakynlaşmagyna goşant goşar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň