Top.Mail.Ru

Arhiw

AŞTU müşderilerine telekommunikasiýa hyzmatlary üçin tölegleri geçirilmelidigini ýatladýar

16:5826.12.2022
0
49425

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti müşderilerini ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlaýar we telekommunikasiýa hyzmatlary üçin öz wagtynda tölegleri geçirilmelidigini ýatladýar.

Hyzmatlar üçin tölegi AŞTU-nyň resmi web sahypasynda «Altyn Asyr» we «Rysgal bank» bank kartalary bilen, şeýle hem iOS we Android üçin ykjam programmalarda onlaýn arkaly amala aşyrylyp bilinjekdigini bellemelidiris.

Müşderiler üçin AŞTU torunyň merkezi ofisinde ýörite terminallar oturdyldy. Bu aragatnaşyk operatorynyň müşderilerine aragatnaşyk hyzmatlarynyň giň toplumyny özbaşdak dolandyrmaga mümkinçilik berýär.

AŞTU-nyň müşderileri şahsy hasaby barada jikme-jik maglumatlary 0787 gysga belgä SMS iberip anyklap bilerler. 0787 gysga belgiden müşderiniň şahsy hasabynyň (internet, IPTV, şäher telefon) möçberi barada maglumat bilen SMS habary geler.

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hyzmatlary üçin töleg usullary barada jikme-jik maglumaty (+993 12) 42 72 22 belgä jaň edip anyklap bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň