“Gazprom” Ukraina üçin ýylyň ahyryna çenli gazyň bahasyny mälim etdi

09:3710.06.2015
0
2635

Ukraina üçin rus gazynyň bahasy ýeňilliksiz üçünji çärýekde müň kubometr üçin 287,15 dollara, dördünji çärýekde 262,5 dollara deň bolar diýip, “Gazprom” GAZP+0,69%-iň başlygynyň orunbasary Aleksandr Medwedew žurnalistlere habar berdi.

Şertnama bahasy barada aýdylanda, ikinji çärýekde hödürlenen baha ýeňillikli 247,2 dollar bolan bolsa, üçünji çärýekde ýeňilliksiz baha 287,15, dördünji çärýekde 262,5 dollar bolar diýip, Medwedew habar berdi.

Ol özüniň üstüni ýetirip, ýeňillik bermek meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny belledi. “Ýeňillik eksport salgydyny ulanmazlygyň hasabyna hödürlenýär, ol doly we bölekleýin peýdalanylyp bilinmez, ýöne bu eýýäm biziň meselämiz, “Gazpromuň” meselesi däl — diýip, Medwedew aýtdy.

Şu ýylyň ikinji çärýeginde Russiýa Ukraina 1-nji aprelden gol çekilen şertlerde, “Gazprom” bilen “Naftogazyň” arasynda gazanylan goşmaça ylalaşygyň çäklerinde gaz iberýär. Ylalaşykda tölegüsti gaz ibermegiň ýörelgeleri hem göz öňünde tutulýandyr. Hakykatda Ukraina üçin rus gazynyň bahasy ikinji çärýekde RF-nyň hökümetiniň berýän 100 dollar ýeňilligini hasaba almak bilen, bir kubometr üçin 247,18 dollara barabardyr.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň