Kilian Mbappeniň kakasy Wilfrid Mbappe oglunyň dünýä çempionatyna Kamerunyň ýygyndysynyň düzüminde gatnaşmagyny isläpdi. Ýöne munuň üçin oňa kanuny däl güýçler päsgel berdi. Bu barada ol «NewsDigest» neşirine beren interwýusynda aýtdy.
«Men oglumyň Kamerunyň milli ýygyndysynda oýnamagyny isledim. Çünki Kamerun ― meniň Watanym. Munuň üçin ýurduň Futbol federasiýasyna ýüz tutanymda menden pul soradylar. Mende şol wagt onça pul ýokdy, şonuň üçin hem boýnumy burup, yza gaýtmaly boldum. Ýöne Fransiýanyň ýygyndysy onuň oýnamagy üçin ýeke teňňe-de soramady» diýip, uly Mbappe interwýusynda bolup geçen waka barada gürrüň berdi.
Kakasynyň aýdanlaryny Kilianyň özi hem tassyklady. Hut ýokarda görkezilen ýagdaý hem olaryň maşgalasynyň hemişelik Fransiýa göçüp gitmegine sebäp bolupdyr.
«Men kamerunly däl, men fransiýaly. 2018-nji ýylda, heniz meni hiç kim tanamaýarka, kakam meni Kamerunyň ýygyndysyna teklip edipdi. Ýöne munuň üçin ondan uly mukdarda pul soralypdyr. Kakam uly gynanç bilen Fransiýa gaýdypdyr. Men ― fransuz, kamerunly däl. Fransiýa maňa özümi görkezmäge mümkinçilik berdi» diýip, 24 ýaşly futbolçy aýtdy.
Mbappeniň kakasy kamerunly, ejesi bolsa alžirli. Kilianyň özi Parižde dünýä indi.