Monrealda Birleşen Milletler Guramasynyň biodürlülik boýunça maslahaty geçdi, oňa gatnaşyjylar yklymlary we ummanlary goramak, şeýle-de ösüp barýan ýurtlarda bioödürlüligi aýap saklamak boýunça maliýeleleşdirmegi üpjün etmek barada taryhy ylalaşyk gazandylar. Bu barada «ru.euronews.com» ýazýar.
Floranyň we faunanyň köp görnüşiniň okgunly ýitmeginiň öňüni almak boýunça gyssagly çäreler beýan edilen ylalaşyk Monrealda geçen COP15 maslahatynyň jemleýji gününde baglaşyldy. Onuň has wajyp bölegi 2030-njy ýyla çenli biodürlülik boýunça möhüm bolan ýerleriň we suwlaryň 30 göterimini goramak boýunça wezipeler bolup durýar. Häzirki döwürde ýerüsti çäkleriň 17 göterimi hem-de deňiz çäkleriniň 10 göterimi şeýle goragyň astyndadyr.
Ýabany tebigaty goramak boýunça Bütindünýä Gaznasynyň soňky nutugyna görä, 1970-nji ýyldan bäri dünýäde ýabany haýwanlaryň sany ortaça 69 göterim azaldy. Guramada şeýle ýokary depginiň adamyň işiniň netijesidigini nygtaýarlar.
«Dünýäde tebigaty goramak boýunça şeýle uly maksat kesgitlenmändi» diýip, «Campaign for Nature» tebigaty goramak toparynyň başlygy Braýan O’ Donnel habarçylara gürrüň berdi.