Soňky habarlar

Arhiw

Messi DÇ-2022-niň iň gowy oýunçysy boldy

04:0919.12.2022
0
22723

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany Lionell Messi 2022-nji ýylda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynyň iň gowy oýunçysy hökmünde ykrar edildi. Oňa ýaryşyň «Altyn top» baýragy gowşuryldy.

35 ýaşly oýunçy ýaryşyň ýedi oýnunda ýedi gol geçirdi, olaryň dördüsi 11 metrlik jerime urgusy. Şeýle hem ol fransuzlar bilen bolan final duşuşygynda oýundan soňky penaltini hem dürs ýerine ýetirdi.

Şeýlelikde, Messi dünýä çempionatlarynyň taryhynda iki gezek (2014, 2022) ýaryşyň iň gowy oýunçysy bolan ilkinji futbolçy boldy. Bu baýrak 1982-nji ýyldan bäri berilýär.

Mundan başga-da, 21 ýaşly argentinaly ýarymgoragçy Enzo Geremias Fernandes 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň iň gowy ýaş oýunçysy diýlip saýlandy. Ol 2022-nji ýylyň iýul aýyndan bäri Portugaliýanyň «Benfika» toparynda oýnaýar.

Argentinaly Emiliano Martinez, 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň iň gowy derwezeçisi diýlip ykrar edildi. Ol ýaryşyň dowamynda toparynyň geçiren ýedi oýnunyň ählisinde derwezäni gorady hem-de finalda oýundan soňky 11 metrlik urgularyň birini gaýtarmagy başardy.

Fransiýanyň hüjümçisi Kliýan Mbappe 8 gol bilen ýaryşyň iň netijeli oýunçysy boldy.

Ýaryşyň fair play baýragy çärýek finalda Fransiýadan 1:2 hasabynda ýeňlip, turniri terk eden Angliýanyň ýygyndysyna berildi.

Mundialyň baş baýragy — Dünýä kubogy Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany Lionell Messä FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino tarapyndan gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň