Soňky habarlar

Arhiw

Fransiýa Angliýany utup, ýarym finala çykdy

04:0011.12.2022
0
16199
Fransiýa Angliýany utup, ýarym finala çykdy
Surat: sports.ru

Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynda ýarym finalyň ähli gatnaşyjylary mälim boldy. Ýarym finalyň soňky ýollanmasyna çärýek finalda Angliýany 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar eden Fransiýa eýe çykdy.

Angliýa — Fransiýa oýnunda hasaby birinji bolup, Çuameniniň 17-nji minutdaky goly bilen fransuzlar açdylar. Iňlisler bu gola Keýniň 54-nji minutda dürs ýerine ýetiren penaltisi bilen jogap gaýtardylar. Oýnuň 78-nji minutynda Žirunyň goly bilen Fransiýa ýene hasapda öňe saýlandy. Angliýada duşuşygyň 84-nji minutynda hasaby deňlemek üçin örän amatly mümkinçilik döredi. Emma şol pursatda Keýniň fransuzlaryň derwezesine bellenilen 11 metrlik jerime urgusyndan gol urup bilmezligi, iňlisleriň ýeňlişine sebäp boldy. Şeýlelikde, Fransiýa ýarym finala adyny ýazdyrdy.

Fransiýanyň milli ýygyndysy ýarym finalda Marokko bilen güýç synanyşar. Mundan ozal, Marokkonyň çärýek finalda garaşylmadyk ýagdaýda Portugaliýany ýaryşdan çykarandygyny habar beripdik. Ýaryşyň beýleki ýarym final oýnunda Argentina Horwatiýa bilen duşuşar.

DÇ-2022-niň ýarym final oýunlary 14-15-nji dekabr günleri geçiriler. Çempiony kesgitlejek final oýny bolsa 18-nji dekabrda oýnalar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň