DÇ — 2022-niň finalynda Argentina oýundan soňky 11 metrlik urgularda Fransiýany ýeňlişe sezewar edip, dünýä çempiony boldy.
Aýgytlaýjy oýunda Argentinanyň milli ýygyndysy Fransiýany oýundan soňky 11 metrlik urgularda ýeňlişe sezewar etdi. Oýnuň esasy wagty 2:2 hasabynda deňlikde tamamlandy. Fransuzlaryň gollaryna Mbappe (80, 81 penatli) awtorlyk eden bolsa, Argentinanyň gollaryna Messi (23) we Di Mariýa (36) awtorlyk etdi. Goşmaça wagtda hem her tarap bir gol geçiridi. Ol gollara hem Messi (108) bilen Mbappe (118, penalti) awtorlyk etdi.
Şeýlelikde, oýnuň ykbaly 11 metrlik urgularda çözüldi. 11 metrlik urgularda Argentina 4:2 hasabynda ýeňiş gazandy. Fransuzlaryň düzüminde Tçuameni we Kuman penaltini dürs ýerine ýetirip bilmediler.
Ýeri gelende bellesek, Messi Argentinanyň ýygyndysynyň düzüminde ilkinji gezek dünýä çempiony boldy. Mundan ozal Argentinanyň milli ýygyndysy soňky gezek Maradonanyň döwründe mundialda ýeňiş gazanypdy.
Soňky habarlar
Arhiw
Argentina Fransiýany utup, dünýä çempiony boldy
22:5618.12.2022
0
35592
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň