Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ýygyndysynyň täzelenen reýtingdäki orny belli boldy

13:4316.12.2022
0
32316

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy täzelenen bütindünýä reýtinginde 72-nji orny eýeledi. Reýting şu gün «Futsal World Ranking» saýtynda paýlaşyldy.

Edil häzir türkmen ýygyndysynyň 879 utugy bar. Ol Surinam bilen Bahreýniň ýygyndylarynyň aralygynda ýerleşýär.

Reýtingde ilkinji 10 orny Braziliýanyň, Ispaniýanyň, Portugaliýanyň, Argentinanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Marokkonyň, Ukrainanyň we Paragwaýyň ýygyndylary eýeleýär.

Türkmenistan Aziýa döwletleriniň arasynda 14-nji basgançakda. Ilkinji üçlügi Eýranyň, Ýaponiýanyň we Özbegistanyň ýygyndylary düzýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň