Soňky habarlar

Arhiw

Danilýans heniz «Soçiden» çakylyk almandygyny aýtdy

22:1914.12.2022
0
19649

Futbol tälimçisi Iwan Danilýans heniz «Soçiden» teklip gelmändigini aýtdy.

«Maňa heniz Gurban Bekiýewiçden teklip gelmedi. Teklibe garaşýanmy? Garaşýan. Biz hemişe bile işledik. Häzir Gurban Berdiýew hiç zat diýenok. Megerem, ol dynç alyşda bolsa gerek. Ýöne ol kän bir dynç almaýar, hemişe futbolyň içinde. Ol başgaça ýaşap hem bilmeýär» diýip, Iwan Danilýans «RB Sport» neşirine beren interwýusynda aýtdy.

Öňräk toparyň ýolbaşçysy Boris Rotenberg Gurban Berdiýewiň «Soçiniň» baş tälimçisi wezipesine bellenendigini habar berdi. Iwan Danilýans «Rubin», «Rostow», «Kaýrat» we «Traktor» toparlarynda Gurban Bekiýewiçiň kömekçisi bolup işledi.

Iwan Danilýansyň 1953-nji ýylda Aşgabatda doglandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň