Russiýa we Azerbaýjan jahankeşdelik pudagynda bilelikdäki «Ýol kartasynyň» üstünde işleýärler diýip, «Interfaks Azerbaýjan» habarlar gullugy RF-niň Ykdysady ösüş ministrligine salgylanyp habar berdi. Bu barada «News.ru» ýazýar.
RF-niň ady agzalan edarasynyň başlygynyň orunbasary Dmitriý Wolwaç özüniň azerbaýjanly kärdeşi Elnur Aliýew bilen duşuşykda iki döwletiň arasynda jahankeşdeligiň ösýändigini belledi hem-de bilelikdäki «Ýol kartasynyň» üstünde tiz wagtda işläp başlamak barada ylalaşdylar.
Russiýaly ýolbaşçynyň aýtmagyna görä, 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda russiýalylaryň Azerbaýjana jahankeşdelik saparlary geçen ýylyň degişli döwründäkiden 55 göterim artypdyr. Şunuň bilen birlikde, Respublikadan Russiýa jahankeşdeleriň sany 36 göterim ýokarlanypdyr.
