Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Ýewropa gaz ibermek babatda meseleler ara alnyp maslahatlaşylar

21:4012.12.2022
0
14977
Türkmenistanda Ýewropa gaz ibermek babatda meseleler ara alnyp maslahatlaşylar
Surat: aa.com.tr

Ozal habar berşimiz ýaly, 13-14-nji dekabr aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň hem-de Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçiriler.

Sammitiň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça gepleşikler geçiriler.

«Anadolu Ajansi» saýtynyň habaryna görä, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň «Gazpromyň» başlygy Alekseý Miller geçirilen duşuşygynda Türkiýede gaz merkeziniň döredilmeginiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Oktýabr aýynda Russiýanyň Prezidenti Türkiýede rus gazynyň üçünji ýurtlara we ilkinji nobatda Ýewropa gitjek uly gaz merkezini döretmek boýunça teklip bilen çykyş edipdi.

Az wagt soňra Ärdogan gaz merkeziniň döredilmegi bilen bagly mowzugyň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň gatnaşmagynda geçiriljek üçtaraplaýyn sammitde ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.

Ýakynda Türkiýäniň Prezidentiniň metbugat sekretary Ibragim Kalyn diňe bir azerbaýjan gazynyň däl, eýsem geljekde Türkmenistanyň energiýa çeşmeleriniň hem, Gazagystanyň hem TANAP (Trans-Anatolian Natural Gas Pipeline) energiýa geçirijisiniň üsti bilen Ýewropa baryp biljekdigini belledi. Şu nukdaýnazardan Türkmenistan — Türkiýe — Azerbaýjan üçtaraplaýyn duşuşygy bu babatda iň möhüm tapgyrlardan biri bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň