Soňky habarlar

Arhiw

Ançelotti: «Ronaldunyň döwri geçip barýar»

17:5409.12.2022
0
21918

«Realyň» baş tälimçisi Karlo Ançelotti döwrebap futbolda nesilleriň çalyşýandygyny aýtdy.

«Häzir Rişarlison döwrebap hüjümçi. Onuň pökgi bilen hereketi heniz kämilleşmeli, ýöne tizligi juda ýokary. Ol häzir iň gowularyň biri.

Biz häzir geçiş döwründe. Ibrahimowiç, Ronaldu, Suares, Kawani ýaly futbolçylaryň döwri geçip barýar. Messi bilen Benzema-da 35 ýaşynda. Lewandowski hem geljek ýyl 35 ýaşa girer.

Olaryň ornuna bolsa Mbappe, Rişarlison, Holand, Alwares we Nunýes ýaly hüjümçiler ýetişip gelýär» diýip, ol köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beren interwýusynda aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň