Russiýa Federasiýasynyň Nowosibirsk sebitine Türkmenistandan 18 tonna pomidor eksport edildi. Bu barada «Rosselhoznadzoryň» resmi web sahypasynda habar berildi.
Habarda «Rosselhoznadzoryň» Nowosibirsk sebiti boýunça hünärmenleri tarapyndan Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilen pomidorlaryň uly tapgyrynyň barlanandygy aýdylýar.
Habar berlişi ýaly, Nowosibirskdäki lomaý paýlaýyş merkeziniň ýerleşýän ýerine getirilen 18 tonna gök önüm «ARRIAH» FGBU synag laboratoriýasynyň hünärmenleri tarapyndan barlanylanda, Russiýa Federasiýasy üçin karantin edilen ýagdaýlar ýüze çykarylmady. Netijede, pomidor doly gümrük taýdan resmileşdirmek we fitosanitar gözegçilik prosedurasyny üstünlikli geçdi.
Şeýle hem habarda häzirki wagtda Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýetişdirilen pomidorlary Russiýa Federasiýasynyň çäginde mundan beýläk hem satmaga rugsat berilýändigi aýdylýar.