Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ÝTÖB: Gazyň bahasynyň ýokarlanmagy Türkmenistanyň ykdysadyýetini kuwwatlandyrýar

11:3408.12.2022
0
17650

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) dünýä bazarynda gazyň ýokary bahasynyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine goşant goşjakdygyny çaklaýar. Bu barada «Trend» habar berýär.

Gazyň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli ýurduň eksporty 2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan sentýabr aýyna çenli 50 göterim ýokarlandy we jemi içerki önümiň (JIÖ) ösüşi 6,2 göterime deň boldy diýip, ÝTÖB-iň hasabatynda bellenilýär. Şeýle-de bankyň hasabatynda dünýä bazaryndaky gazyň bahasynyň ýokarlanmagy bilen, Türkmenistanyň daşarky syýasy-ykdysady täsiriniň ep-esli güýçlenendigini nygtalýar. Bellenilişi ýaly, gazyň ýokary bahasy Türkmenistanyň girdejilerini ýokarlandyryp, ýurduň karz bermek mümkinçiligini yzygiderli artdyrýar.

ÝTÖB-iň hasabatynda Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen söwda we logistika gatnaşyklaryny ösdürýändigi, ikitaraplaýyn söwdany artdyrýandygy hem-de wiza düzgünini ýönekeýleşdirmek babatda degişli işleri alyp barýandygy bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan demir ýoluny gurmak barada ýakynda gol çekilen şertnamanyň Türkmenistanyň sebitde hem-de dünýäde ulag-üstaşyr merkez hökmündäki mümkinçilikleriniň görnetin artdyrandygy barada durlup geçilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň