Top.Mail.Ru

HEA: gaýtadan dikeldilýän energetika elektrik togunyň esasy çeşmesi bolar

21:4007.12.2022
0
15945
HEA: gaýtadan dikeldilýän energetika elektrik togunyň esasy çeşmesi bolar
Surat: Sean Gallup / Getty Images

Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri 2025-nji ýylyň başynda elektrik togunyň önümçiliginde ilkinji orna çykar. Bu barada Halkara energetika agentliginiň hasabatynda aýdylýar diýip, «Interfax.ru» ýazýar.

Eýýäm 2027-nji ýylda bolsa gaýtadan dikeldilýän çeşmelere dünýäde öndürilýän elektrik energiýasynyň tas 40 göterimi degişli bolar. Şol bir wagtda kömrüň, tebigy gazyň we atom elektrik beketleriniň paýy peselmegini dowam eder.

Gaýtadan dikeldilýän energetika Russiýadan eksport edilýän nebitiňdir gazyň möçberleriniň azaldylmagy netijesinde emele gelen energiýa ýetmezçiligi sebäpli okgunly ösüşe badalga aldy diýip, HEA-nyň seljerijileri aýdýarlar. Netijede, 2021-nji ýylda nebiti hem-de gazy esasan Russiýadan satyn alan Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary elektrik energiýasynyň başga çeşmelerine geçmegi çaltlandyrmaga mejbur bolýarlar.

«Golaý bäş ýylda soňky 20 ýyldaky möçberde gaýtadan dikeldilýän energiýa peýda bolar» diýip, agentligiň başlygy Fatih Birol aýdýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň