Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk operatory täze internet bukjalaryny hödürleýär

15:3406.12.2022
0
169463

«Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk operatory ilatyň gyzyklanmalaryny göz öňünde tutmak bilen, 2022-nji ýylyň 5-nji dekabryndan başlap, täze internet bukjalaryny müşderilerine hödürledi.

Täze internet bukjalaryny laýyklykda, «Altyn Asyr»-yň abonentleri şu aşakda görkezilen möçberlerde töleg ederler:

— 10 manat — 250 MB üçin («Internet-10» internet bukjasy)
— 60 manat — 1,5 GB üçin («Internet-60» internet bukjasy)
— 200 manat — 20 GB üçin («Internet-200» internet bukjasy)

Täze internet paketlerini işjeňleşdirmek üçin müşderi öz telefonyň ekranynda aşakdaky degişli nyşanlary (USSD kodlary) aýlamaly:

— «Internet-10»: *0850*10#
— «Internet-60»: *0850*60#
— «Internet-200»: *0850*200#

Internet bukjasy 30 gün möhlet bilen berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň