Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 96-njy mejlisine gatnaşdy

18:4205.12.2022
0
38200

2022-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň 96-njy mejlisi wideokonferensiýa arkaly geçirildi. Oňa Türkmenistandan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow gatnaşdy.

Duşuşygyň gün tertibine GDA agza ýurtlaryň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan meseleler girizildi. Mejlisiň başynda Arkalaşyga agza ýurtlaryň wekiliýetleri ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri dogrusynda gysgaça pikir alyşdylar.

Soňra mejlisde GDA agza ýurtlaryň Senagat syýasaty boýunça Geňeşiň 2018–2021-nji ýyllarda ýerine ýetiren işleri baradaky hasabata garaldy.

Mundan başga-da, duşuşykda degişli kararlaryň birnäçesine garaldy we kabul edildi, şol sanda:

  • Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Ykdysady ösüş strategiýasynyň birinji tapgyryny (2021—2025) durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi hakynda;
  • Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza döwletleriniň arasynda telekommunikasiýa ulgamlarynda kezzapçylyga (telefon kezzapçylygyna) garşy göreşmek boýunça Hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamasynyň taslamasy hakynda;

Duşuşygyň ahyrynda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň çäginde ykdysady hyzmatdaşlygy dowam etdirmek kararyna gelindi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň