Serdar Berdimuhamedow FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino bilen duşuşdy

07:1504.12.2022
0
30355
Serdar Berdimuhamedow FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino bilen duşuşdy
Surat: tdh.gov.tm

Ozal habar berşimiz ýaly, düýn Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kataryň Emiri Şeýh Tamim ben Hamad Al Taniniň çagyrmagy boýunça Katar Döwletine sapar bilen bardy.

Dohadaky «Halifa» stadionynyň ýokary derejeli myhmanlara niýetlenen zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Kataryň Emiri Şeýh Tamim ben Hamad Al Tani bilen ikiçäk duşuşygy geçirildi.

Soňra türkmen döwletiniň Baştutany saparynyň maksatnamasyna laýyklykda Kataryň paýtagty Dohada geçirilýän Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Halifa» stadionynyň hormatly myhmanlar üçin niýetlenen ýörite ýerinde Katar Döwletiniň Premýer-ministri, içeri işler ministri Halid ben Halifa ben Abdulaziz At Tani bilen mähirli salamlaşdy. Gysgaça gürrüňdeşlikde söhbetdeşler birek-birege hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de iki ýurduň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de rowaçlanmagyny arzuw etdiler.

Şeýle-de bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Futbol assosiasiýalarynyň halkara federasiýasynyň — FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino birek-biregi mähirli mübäreklediler.

FIFA-nyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň şu saparynyň sport ulgamynda, aýratyn-da, futbol babatda halkara derejedäki gatnaşyklary ösdürmekde ähmiýetini belledi. Türkmenistanda sportuň we Olimpiýa hereketiniň giňden ösdürilýändigine ünsi çekip, hususan-da, sportuň futbol görnüşini giňden ýaýbaňlandyrmak ugrunda halkara derejede tagallalary birleşdirmekde FIFA-nyň ýardam bermeginiň uly ähmiýeti nygtaldy.

Türkmen döwletiniň Baştutany hem-de FIFA-nyň prezidenti birek-birege päk niýetli arzuwlaryny aýdyp, duşuşygyň ahyrynda ýadygärlik surata düşdüler.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow stadionyň meýdançasynda şol wagt dowam edýän Futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/8 final duşuşygyna tomaşa etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Futbol boýunça dünýä çempionatyna çagyrylmagy Türkmenistanyň Katar bilen döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejedediginiň ýene bir subutnamasy boldy.

Türkmen döwletiniň Baştutany Futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/8 final oýnuna tomaşa edenden soň, Halkara «Halifa» stadionyndan çykyp, Doha şäheriniň Halkara howa menziline bardy. Bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň wekilleri bilen hoşlaşyp, Aşgabada ugrady.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň