Türkmenistana aýazly günler geldi. Aşgabatda we paýtagtyň eteginde ilkinji gar ýagdy. Uzak gije irili-uşakly ýagan ýagyn ir bilen şäheri ala-gara büredi.
Dogry, bu ýagan gar Garadam ýasamak ýa-da gar togalap oýnamak üçin ýeterlik däldi. Günortan Aşgabatdaky howanyň temperaturasy 4 derejä çenli gyzdy we ilkinji gar eräp başlady.
Ozal şu hepde Türkmenistanda güýçli Ural antiklonynyň täsir etjekdigi barada habar berildi.