Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ependiniň şorta sözlerini aýtmak däbi ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi

13:4202.12.2022
0
19117
Ependiniň şorta sözlerini aýtmak däbi ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi
Surat: uzbekistan.travel

Türki dilli ýurtlarda meşhur bolan Hoja Nasreddin Ependiniň şorta sözlerini aýtmak däbi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komiteti Hoja Nasreddiniň şorta sözlerini aýtmak däbini komitetiň Marokko Patyşalygynyň paýtagtynda geçirilen 17-nji mejlisinde Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşdy.

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, bu Hödürnama Türkmenistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkiýe we Özbegistan tarapyndan bilelikde hödürlenilipdir.

Hoja Nasreddin Ependi gündogar halk döredijiliginiň görnükli wekilidir. Onuň gysgadan gülkünç ýomaklary we şorta sözleri adamlara şatlyk hem-de ruhubelentlik paýlaýar. Ol sergezdan, öz pikirli, pitneçi, akmak, mekir diwana we hatda pelsepeçi ýaly dürli gapma-garşylykly keşpleri özünde birleşdirmek bilen, gündelik durmuşdaky nogsanlyklary, husytlygy, ýaranjaňlygy, ikiýüzlüligi we çemeçilligi berk ýazgarýar.

Ependiniň şorta sözleri türkmen okyjylary tarapyndan söýlüp okalýar. Onuň edebi mirasy türkmen halk döredijiliginde hem mynasyp orun aldy. Dürli ýyllarda Ependi bilen bagly ýomaklaryň köp sanlysyny özünde jemleýän kitaplar hem çap edildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Guramanyň hökümetara komitetiniň Marokko Patyşalygynyň paýtagtynda geçirilen 17-nji mejlisinde türkmen keşdeçilik sungaty hem ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň