Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: Abdyrahmanow «Merwde» 20 gol geçiren bäşinji futbolçy boldy

11:5202.12.2022
0
13562

Alibek Abdyrahmanow «Merwiň» düzüminde Ýokary ligadaky gollarynyň sanyny 22-ä çykaryp, 2013-nji ýyldan bäri bu toparda 20 golluk sepgide ýetip bilen bäşinji futbolçy boldy.

Abdyrahmanowyň 23-nji tapgyrda geçirilen Mary derbisinde het-trik edendigini ýatladýarys.

Begenç Alamow ýokarda agzalan möwsümden bäri «Merwde» iň kän tapawutlanan futbolçydyr. Ol topar bilen diňe Ýokary ligada 49 gol geçirdi. Ikinji orunda 31 golly Toýly Goçnazarow, üçünji orunda bolsa 28 golly Tirkiş Muhammetberdiýew bar.

Möwsümiň iň netijeli futbolçysy Alibek Abdyrahmanow ýene ýekeje pökgi geçirip bilse, bu sanawyň dördünji basgançagyny Ilýa Tamurkin bilen paýlaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň