Soňky habarlar

Arhiw

«Mobile tm» internet dükany Täze ýylyň öňüsyrasynda aksiýa çäresini geçirýär

15:0301.12.2022
0
19811

Ykjam telefonlaryň, aksessuarlaryň hem-de beýleki enjamlaryň «Mobile tm» internet dükanynda 1-nji dekabrdan 1-nji ýanwara çenli aralykda baýramçylygyň öňüsyrasyndaky aksiýa çäresi geçirilýär. 500 manat we ondan ýokary bolan möçberde söwda eden müşderileriň her birine «Mobile tm» internet dükany tarapyndan kiçeňräk sowgat hem-de Aşgabat şäheriniň çägine tölegsiz eltip berme hyzmaty hödürlenilýär.

«Mobile tm» internet dükanynyň sahypalarynda smartfonlaryň, düwmeli we stasionar telefonlaryň, zarýad beriji enjamlaryň, aragatnaşyk enjamlarynyň, mehaniki we «akylly» sagatlaryň, nauşnikleriň, dürli görnüşli aksessuarlaryň hem-de öý üçin zerur bolan elektron tehnikalaryň köp sanly görnüşleri müşderilere hödürlenýär.

Dükandan söwda etmek üçin sargytlar gije-gündiziň dowamynda kabul edilýär, eltip berme hyzmaty bolsa gündiz sagat 10:00-dan 18:00-a çenli ýerine ýetirilýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň