Saud Arabystany dünýäde iň uly aeroportlaryň birini gurmakçy, ol ýylda 185 million ýolagça hyzmat edip biler diýip, «Kapital.kz» saýty habar berýär.
Howa menzili Patyşalygyň paýtagty Er-Riýadda ýerleşip, 57 inedördül kilometri eýelär. Ol Saud Arabystanynyň «Public Investment Fund» (PIF) hususy gaznasyna degişli bolar.
Täze aeroport alty sany uçuş-gonuş zolagy bilen üpjün ediler hem-de 2030-njy ýyla çenli 120 million, 2050-nji ýyla çenli 185 million ýolagça hyzmat edip biler. Täze toplumyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylar.
Öň mirasdüşer şazada Muhammed ben Salman ýurtda jahankeşdelik pudagyny ösdürmek üçin 1 trillion dollar maýa goýmagy wada beripdi. Maýa goýumlaryň maksady ýurda 2030-njy ýyla çenli 100 million töweregi jahankeşdäni çekmek bolup durýar.