Top.Mail.Ru

Arhiw

Orta mekdeplerden uçurym bolan ýigitleriň harby gulluga çagyrylyş möhletini yza süýşürmäge hukuk berýän Kanun güýje girdi

22:5430.11.2022
1
49300

Şu gün ― 30-nji noýabrda «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny resmi taýdan güýje girdi. Kanun ýurduň merkezi neşirlerinde çap edildi.

Täze Kanuna görä, indi umumybilim edaralaryny we ýörite bilim edaralaryny tamamlan ýylynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmaga isleg bildirenleriň harby gulluga çagyryş möhletiniň yza süýşürilmegine hukugy bardyr.

Täze bent Kanunyň 19-njy maddasynyň birinji böleginiň ikinji bendine goşuldy.

Uçurymlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmaga isleg bildiren ýagdaýynda harby gulluga çagyryş möhletiniň yza süýşürilmegi bilen bagly hukuk baradaky başlangyç Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Ol şeýle teklibi ilkinji gezek şu ýylyň tomsunda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary we talyplary bilen geçiren duşuşygynda orta atypdy.

Uçurymlaryň giriş synaglaryna gatnaşmagy bilen bagly harby gulluga çagyrylyş möhletini yza süşrtmek hukugy Türkmenistanyň «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunyna hem girizildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň