Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: Balkan derbisinde «Şagadam» ýeňiş gazandy

23:5929.11.2022
0
13206
TÝL ― 2022: Balkan derbisinde «Şagadam» ýeňiş gazandy

Düýn Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Balkan derbisinde derwezelere bäş pökgi geçirildi. Şolaryň dördüsini «Şagadamyň», birini «Nebitçiniň» futbolçylary geçirdiler.

23-nji tapgyryň çägindäki duşuşykda «Şagadam» «Nebitçini» 4:1 hasabynda ýeňdi. Ýeňiji toparda Kerim Hojaberdiýew iki gezek (27-nji we 44-nji minutlarda) tapawutlandy. «Şagadamyň» beýleki gollaryny 7-nji minutda Yhlas Magtymow, 18-nji minutda bolsa Mekan Aşyrow geçirdi. «Nebitçi» bu gollara diňe goşmaça wagtyň 2-nji minudynda Serdar Tukyýewiň dürs peýdalanan 11 merlik jerime urgusy bilen jogap berip bildi.

Bu ýeňişden soň utugyny 31-e çykaran «Şagadam» dördünji orundaky «Merw» bilen aralygy 1 utuga çenli ýygyrdy. «Nebitçi» bolsa 10 utuk bilen iň soňky basgançakda galdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň