Aşgabatda türkmen-awstriýa işewürler forumy geçirildi

22:4829.11.2022
0
18174

Şu gün Aşgabatda türkmen-awstriýa işewürler forumy geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, forum iki ýurduň döwlet we işewür toparlarynyň wekillerini bir ýere jemledi.

Çäräni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Awstriýa Respublikasynyň Federal-ykdysady edarasy bilelikde guradylar.

Forumyň gün tertibine, iki ýurduň bar bolan ägirt uly söwda-ykdysady kuwwaty bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň pudak edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň geljekki uly ugurlary, hususan-da, senagat, energetika, oba hojalygy we ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Işewürler forumynyň dowamynda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda we maýa goýumlarynda, ýokary tehnologiýalar ulgamynda gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň ýollary, söwda dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikdäki işler üçin anyk meýilnamalar kesgitlenildi.

Foruma gatnaşyjylar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilmegi bilen baglylykda, bu çäräniň uly ähmiýetini bellediler hem-de parahatçylyk döredijilik syýasatyny yzygiderli amala aşyrýan Türkmenistana dünýä jemgyýetçiliginiň artýan gyzyklanmasyny nygtadylar.

Türkmen tarapyndan çykyş edenler daşary ýurtly kärdeşlerini Türkmenistandaky amatly makroykdysady, özüne çekiji maýa goýum ýagdaýy, telekeçiligi ösdürmegiň möhüm ugurlary bilen tanyşdyrdylar hem-de ýurtda amala aşyrylýan, Türkmenistanyň dünýä ykdysady ulgamyna mundan beýläk-de üstünlikli ýakynlaşmagy babatda binýat döredýän, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýan özgertmeler barada habar berdiler.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň, hususy kompaniýalarynyň hem-de telekeçileriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Duşuşyklaryň barşynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşylyp, dürli resminamalara gol çekildi we täze gatnaşyklar goýuldy. Türkmen telekeçileri bilen Awstriýa Respublikasynyň kompaniýalarynyň wekilleri şertnamalary baglaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň