Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda dünýä belli multfilmleriň sazlaryndan ybarat konsert geçiriler

12:5028.11.2022
0
16691

Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda meşhur multfilmleriň sazlaryndan ybarat konsert geçiriler.

Multfilmlere tomaşa etmegi gowy görýän çagalar we ulular şol ajaýyp agşamda «Dur, bakaly!», «Suw perisi», «Alladin», «Madagaskar» ýaly meşhur animasiýa eserleriniň sazlary eşitdiriler. Olaryň Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky orkestr ýerine ýetirer. Drižýorlyk etmäge Döwletmämmet Ökdirow bilen Eziz Nyýazow hem gatnaşar.

«Mult hitler» atly konsert 18-nji dekabr güni geçiriler, ol gündiz sagat 14-de başlanar.

Petek almaga isleg bildirýänler (+993) 61 727863, 61 235234, 62 937441 belgili telefonlara jaň edip bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň