Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hindistan daşary ýurtly raýatlar üçin girizilen ähli çäklendirmeleri ýatyrdy

00:4823.11.2022
0
31493

Hindistanyň Hökümeti 2022-nji ýylyň 22-nji noýabryndan daşary ýurtlular, şol sanda Türkmenistanyň raýatlary üçin COVID-e garşy ähli çäklendirmeleri ýatyrdy. Bu barada Hindistanyň Saglygy goraýyş we maşgala abadançylygy ministrliginiň resmi web sahypasynda habar berildi.

Indi ýurda girmek üçin PCR synaglary, sanjym şahadatnamalary ýa-da onlaýn-formalar talap edilmeýär. Şeýle-de bolsa, Hindistanyň Saglygy goraýyş ministrligi syýahatçylara sanjym etdirmegi maslahat berýär. Şeýle hem uçuşda sosial aralygy saklamagyň, beýleki talaplaryň ýerine ýetirilmegiň maksadalaýyk boljakdygy aýdylýar. Ministrlik keseliň alamatlary ýüze çykan halatynda, iň ýakyn lukmançylyk merkezine habar bermelidigini duýdurdy.

Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda yzygiderli uçuşlaryň koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda bes edilendigini ýatladýarys. Pandemiýadan öň «Türkmenistan» awiakompaniýasy her hepde Delä we Amritsara yzygiderli gatnawlary amala aşyrýardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň