Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda AHHG-niň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň 83-nji mejlisi geçirildi

22:1022.11.2022
0
10442

Şu gün Aşgabadyň «Arçabil» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Merkezi Aziýa döwletleriniň suw hojalyk pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň, Amyderýa, Syrderýa sebit suw hojalyk birleşikleriniň we Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň ylmy-maglumat merkeziniň wekilleriniň gatnaşmagynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň 83-nji mejlisi geçirildi.

Mejlise Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri bilen birlikde, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri-de gatnaşdylar.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisiň dowamynda Amyderýanyň we Syrderýanyň sebitinde 2022-nji ýylda ekinleriň ösüş döwründe alnan suwlaryň jemi barada, şeýle-de 2022-2023-nji ýyllarda ekinleriň ösüş döwrüniň aralygynda Merkezi Aziýa döwletleri üçin suwdan peýdalanmagyň çäkli möçberleri we derýalardaky suw howdanlarynyň iş tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de tassyklanyldy. Şeýle-de toparyň nobatdaky 84-nji mejlisiniň gün tertibi we geçiriljek ýeri kesgitlenip, mejlisiň Teswirnamasyna gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň