Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň gündogar sebiti 97 müň 236 tonna suwuklandyrylan gaz eksport etdi

20:0122.11.2022
0
19247

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginde üstümizdäki ýylyň başyndan bäri suwuklandyrylan 97 müň 236 tonnasy eksporta ugradyldy. Bu barada «Jeyhun.news» habar berdi.

Müdirlik boýunça ýylyň geçen on aýynda suwuklandyrylan gazyň 100 müň tonna golaýy öndürilip, bu baradaky meýilnama 108,2 göterim berjaý edildi.

Habarda bellenilşi ýaly, ýokary önümçilik görkezijileriniň gazanylmagyna müdirligiň Naýyp we Bagaja gaz känlerinde hereket edýän desgalarynyň hünärmenleri mynasyp goşant goşýarlar.

Ozal 2022-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Türkmenistandan Hytaýa turbageçiriji arkaly ugradylan gazyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 53 göterim artandygy barada habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň