Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet Baştutany, şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýýany Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Bu barada: «Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary we gyzgyn myhmansöýerlik üçin Onuň Alyjenaby Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de Onuň Alyjenabyny resmi sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi» diýip, iki ýurduň Liderleriniň Bilelikdäki Beýannamasynda bellenilýär.
Ýeri gelende bellesek, Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda BAE-niň Prezidentiniň çakylygy boýunça bu ýurda iki günlük resmi sapary amala aşyrýar.
Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň sapary 22-nji noýabrda hem dowam eder.