Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasy ýanwar aýy üçin Aşgabatdan halkara gatnawlar üçin petek satyp başlaýar

19:5120.11.2022
0
83658

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň ýanwar aýy üçin Aşgabatdan halkara ugurlaryna howa petekleriniň satuwyna başlady.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Dubaýa (BAE), Maýn boýundaky Frankfurt şäherine (Germaniýa), Stambula (Türkiýe), Kazana (Tatarstan, RF) we Moskwa (RF) yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.

Häzirki wagtda bu ugurlara petekler satuwa çykarylýar. Gatnawlar «Boeing» uçarynda amala aşyrylýar.

Bahalar, 2022-nji ýylyň 20-nji noýabry

  • Aşgabat (ASB) — Dubaý (DXB): 5784 manat 60 teňňe
  • Aşgabat (ASB) — Maýn boýundaky Frankfurt (FRA): 8225 manat
  • Aşgabat (ASB) — Stambul (IST): 6825 manat
  • Aşgabat (ASB) — Moskwa (DME): 6858 manat 30 teňňe
  • Aşgabat (ASB) — Kazan (KZN): 6833 manat 80 teňňe

Nyrhlar diňe bir ugura niýetlenendir.

Uçuş tertibi we petekler barada has giňişleýin maglumaty awiakompaniýanyň resmi web sahypasyndan ýa-da «iOS» we «Android» üçin ykjam programmadan bilip bolar.

Programmada uçar petegini satyn almak üçin islenýän ugry we syýahat senesini saýlamaly. Bu ugurda elektron biletleriň satuwy açyk bolsa, ýolagçy sanawdan islenýän uçuşy saýlap biler we «Altyn Asyr» bank kartoçkasy bilen bilet töläp biler. Raýatlar ulgama pasportdaky maglumatlary girizmelidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň