Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň halkara gatnawlary üçin nyrhlary ulanmagyň düzgünleri çap edildi

11:3720.11.2022
0
69621

Petek satyn alanyňyzda, gatnawy tölemezden ozal aragatnaşyk merkezinde ýa-da «Türkmenistan» awiokompaniýasynyň satuw ofislerinde nyrhlary ulanmagyň düzgünlerini takyklamagyňyzy maslahat berýäris.

Ekenom klas. Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin satuw. Aňryçäk duralga 30 gün. Ugruň görnüşi — bir tarapa (OW).

Daşamak hakyndaky şertnamasynyň ýatyrylmagy (şertleriň üýtgedilmegi) boýunça tölegler:

Uçuşa gelmedik ýagdaýynda awiapetegiň tutumy 100 USD barabar (uçuşdan 60 minut öň we soň) ýöne orunsyz INF derejeli ýolagçylar muňa degişli däl;

Uçuşdan ýüz döndürilen ýagdaýyndaky tutumlar, ýöne orunsyz INF derejeli ýolagçylar muňa degişli däl:

— 72 sagada çenli tutum alynmaýar;

Uçuş wagtyna 72 sagatdan az galanda we 48 sagada çenli tabşyrylan ýagdaýynda 10% tutum tutulýar;

Uçuş wagtyna 48 sagatdan az galanda we 24 sagada çenli tabşyrylan ýagdaýynda 15% tutum tutulýar;

Uçuş wagtyndan ýüz öwürilen ýagdaýynda gatnawyň ýerine ýetirmegine 24 sagatdan az galanda 25% tutum tutulýar;

Uçuş wagtyny üýtgetmek üçin tutumlar:

— 72 sagada çenli tutum alynmaýar;

Uçuş wagtyna 72 sagatdan az galanda we 48 sagada çenli wagtyny üýtgetmek ýagdaýynda 10% tutum tutulýar;

Uçuş wagtyna 48 sagatdan az galanda we 24 sagada çenli wagtyny üýtgetmek ýagdaýynda 15% tutum tutulýar;

Uçuş wagtyny üýtgetmek ýagdaýynda gatnawyň ýerine ýetirmegine 24 sagatdan az galanda 20% tutum tutulýar;

Ýolagçynyň ýany bilen gidýän çagalar üçin ýeňillikler:

INF derejeli ýolagçylar üçin 2 ýaşa çenli 90% ýeňillik;

CHD derejeli ýolagçylar üçin 2 ýaşdan 12 ýaşa çenli 25% ýeňillik;

Mugt daşalýan bagažyň kadasy bir orun 25 kg.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Dubaýa (BAE), Maýn boýundaky Frankfurt şäherine (Germaniýa), Stambula (Türkiýe), Kazana (Tatarstan, RF) we Moskwa (RF) yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar. Häzirki wagtda bu ugurlara petekler satuwa çykarylýar.

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçuşlaryna onlaýn petekleri www.turkmenistanairlines.tm web sahypasyndan, «iPhone» we «Android» programmalary arkaly satyn alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň