Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: «Merw» «Şagadamy» penalti goly bilen ýeňdi

12:2619.11.2022
0
13538

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 21-nji tapgyrynda «Merw» «Şagadamy» 1:0 hasabynda ýeňdi.

Duşuşygyň ykbalyny 42-nji minutda Alibek Abdyrahmanowyň 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren pökgüsi kesgitledi.

68-nji minutda «Şagadamdan» Mekan Aşyrow gödek hereketleri üçin oýýundan çykaryldy.

Şeýlelikde, «Merw» üçünji aýlawy üçünji orunda tamamlady. Toparda häzir 33 utuk bar. 28 utukly «Şagadam» bolsa bäşinji orunda. Ýaryşyň başyny 57 utukly «Ahal» çekýär.

«Şagadam» indiki duşuşygyny 26-njy noýabr güni myhmançylykda «Aşgabat» bilen geçirer. «Merw» bolsa 25-nji noýabrda «Köpetdagy» kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň